Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenada ýadro gepleşikleri geçirilýär


Eýrana garşy girizilen sanksiýalary gowşatmak şerti bilen, Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça ylalaşyk baglaşmaga synanyşýan araçylar Wenada duşuşýarlar.

22-nji aprelde Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň birinji orunbasary Wendi Şerman, Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçi we Ýewropa Bileleşiginiň resmisi Helga Şmid Wenanyň myhmanhanasynda gepleşikleri geçirýärler.

Eýran ýadro ýaragyny öndürmäge gyzyklanmasynyň ýokdugyny aýdyp, ýadro programmasynyň ukyplylygynyň gerimini kemeltmegi kabul etdi. Tähran munuň deregine halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny isleýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG