Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyz premýeri işden çekilýär


Joomart Otorbaew

Gyrgyzystanyň premýer-ministri Joomart Otorbaew özüniň wezipeden çekilýändigini yglan etdi.

Geçen ýylyň aprel aýyndan bäri hökümete baştutanlyk edýän Otorbaew öz kararyny 23-nji aprelde parlamentde yglan etdi.

Otorbaew hakyky demokratiýada häkimiýet monopoliýasynyň bolmaly däldigini aýtdy, emma wezipeden çekilmeginiň sebäplerini derhal mälim etmedi.

Otorbaewiň wezipeden çekilmegi ýurduň iň uly altyn käni Kumtoryň alyp barýan işiniň daşyndaky dawalaryň gaýtadan başlanmagyna gabat geldi.

Gyrgyzystanyň hökümeti Kumtor Altyn kompaniýasynyň üçden bir bölegine eýeçilik edýär, galan bölegi Kanadanyň Senterra Gold kompaniýasyna degişli.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG