Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkent: Orsýetli şübheli radikal öldi


Täjigistanyň günortasynda Owganystan bilen serhetleşýän Panj şäherinde polisiýa radikal musulman diýlip şübhelenilýän Russiýanyň raýatynyň öldürdi.

Panj şäher polisiýa departamentiniň 24-nji aprelde Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 23-nji aprelde Russiýanyň Çelýabinsk şäherinden bolan Semýon Nagebin iki sapançany polisiýa ofiserinden zor bilen alyp, ýerli keselhanadan gaçansoň, ol ýerli hukuk goraýjy ofiser tarapyndan atylyp öldürilipdir.

Resmileriň aýtmaklaryna görä, Negabin polisiýa ot açyp başlandan soň, atylyp öldürilipdir.

28 ýaşly Negabin 15-nji aprelde owgan serhedinden bikanun geçmäge synanyşan mahaly ýaralanyp, keselhana ýerleşdirilipdi.

Täjik resmileriniň maglumatyna görä, Negabin özüni “Salim” diýip atlandyrypdyr we täjik häkimiýetlerini “musulman däl” diýip häsiýetlendirip, olary tankyt edipdir.

XS
SM
MD
LG