Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Watansyz çagalar


Daşary ýurtda durmuşa çykyp dünýä inen çagalaryna degişli dokumentleri alyp bilmän, kösenýän türkmenistanlylaryň bardygy bellenilýär.
Daşary ýurtda durmuşa çykyp dünýä inen çagalaryna degişli dokumentleri alyp bilmän, kösenýän türkmenistanlylaryň bardygy bellenilýär.

Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň dürli ýurtlaryň raýatlary bilen edilýän nikalar-da köpeldi. Elbetde bu ýagdaý dürli problemalary hem ýany bilen getirdi.

Türkiýede köp sanly, şol sanda bikanun zähmet çekýän türkmen migrantlarynyň bardygy aýdylýlar. Olaryň arasynda Türkmenistana barsa, deport ediljeginden alada edip uzak wagtdan bäri Türkmenistana gitmeýärleri-de bar.

Bu ýagdaýlar sebäpli daşary ýurtda durmuşa çykyp dünýä inen çagalaryna degişli dokumentleri alyp bilmän, kösenýän ildeşlerimiziň hem bardygy bellenilýär.

“Dünýä Türkmenleriniň” bu sanynda hut şu mesele barada gürrüň edilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Döwlet Baýhanyň taýýarlan gepleşigini diňlemek üçin aşaky düwmä basyň.

Watansyz çagalar
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG