Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nepal: Ölenleriň sany 3200-den aşdy


Nepalyň resmileri 25-nji aprelde bolan ýertitremede ölenleriň sanynyň 3 200-den gowrak adama ýetendigini habar berýärler. Şeýle-de, 27-nji aprelde resmiler ýurtdaky ýersarsgynynda 6 500-den gowrak adamyň hem ýaralanandygyny belleýärler.

Şol bir wagtyň özünde, Nepalda 26-njy aprelde ýüze çykan ýertitreme sebitde harsaňa sebäp boldy. Halas ediş gulluklary we resmiler keselhanalaryň aglabasynyň näsaglardan dolandygyny we medisina serişdeleriniň ýetmezçilik edýändigini aýtdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň resmileri häzirki wagtda açyk meýdanda ýaşaýan adamlara howp salyp biljek çabgaly tupanyň turmasyndan we waksina sanjymlaryň ýetmezçilik etmeginden alada edýärler.

XS
SM
MD
LG