Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nepal: Ölenleriň sany 4300-den aşdy


Nepalda bolan ýertitremede ölen adamlaryň sany 4 300-den aşdy.

28-nji aprelde resmiler ýurtdaky ýersarsgynynda 8000-den gowrak adamyň hem ýaralanandygyny habar berdiler.

25-nji aprelde Nepalda bolan ýertitremeden soň, halkara kömekleri 28 million ilatly döwlete baryp başlady.

Nepalyň beýleki şäherlerinde bolşy ýaly, paýtagt Katmanduda hem müňlerçe adam ýanýodalarda, köçelerde, seýilgählerde we başga-da ençemesi wagtlaýyn ýasalan çadyrlarda ýaşaýar.

Şol bir wagtyň özünde keselhanalaryň näsaglardan dolandygy habar berilýär we ýurtda ilatyň suw, iýmit ýetmezçiliginiň suw arkaly geçýän keselleriň döremegine sebäp bolmagyndan alada edilýär.

XS
SM
MD
LG