Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenko Belarusy 'durnuklylygyň adasy' diýip atlandyrdy


Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenkanyň aýtmagyna görä, “Ýewropada ýene urşuň ysy gelýändigine” garamazdan, onuň ýurdy “durnuklylygyň we tertip-düzgüniň adasy hökmünde saklanyp galýar”.

Lukaşenka 29-njy aprelde halka ýüzlenip, parlamentde eden ýyllyk çykyşynda Ýewropanyň ýurtlarynyň arasyndaky dartgynlylygyň derejesiniň “Sowuk urşy döwründäki ýagdaýlar bilen deňdigini” aýtdy.

Ol bu mesele boýunça geçen ýyl Russiýanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegi we gündogar Ukrainadaky söweşler sebäpli Günbatar bilen Moskwanyň arasyndaky dartgynlylyga salgylandy. Gündogar Ukrainada Russiýa tarapdar separatistler bilen ukrain güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklarda 6 100-den gowrak adam wepat boldy.

Şeýle-de, Lukaşenka Belarusyň garaşsyzlygyny ýurtda parahatçylygy saklamak we durnukly ykdysadyýeti ösdürmek arkaly saklap boljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG