Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awtriýanyň sudy ABŞ-nyň haýyşyny ret etdi


Awstriýanyň sudy ukrain milliarderi senagatçy Dmitriý Firtaşyň korrupsiýa aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolmagy üçin Birleşen Ştatlaryna ekstradisiýa edilmelidigi baradaky haýyşy ret etdi.

Firtaş 30-njy aprelde geçirilen sud diňlenişiginde para almak we hapa pullary ýuwmak baradaky aýyplamalary inkär etdi.

Firtaş Wenanyň suduna beren maglumatynda Hindi hökümetine para bermek barada dildüwşik edendigi dogrusyndaky aýyplamalaryň “hakykata düýbünden gabat gelmeýändigini” aýtdy.

2013-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň sudunyň ýokary derejeli žurisi Firtaşy we Hindistanyň parlamentiniň agzasyny we başga-da dört adamy tebigy minerallary almaga mümkinçilik döretmegi üçin Hindi hökümetiniň resmilerine para bermekde güman edip, aýyplapdy. Gürrüňi gidýän minerallar titan esasly önümleri öndürmek maksady bilen ulanylýar.

49 ýaşly Firtaş Birleşen Ştatlaryň haýyşy esasynda geçen ýyl Wenada tussag edilipdi. Ol 2006-njy ýyldan bäri ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan derňelýär.

XS
SM
MD
LG