Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baltimorda ofiserler aýyplandy


Baltimoryň baş prokurory bir garaýagyz adam polisiýa tussaghanasynda biloňurgasyna zyýan ýetip ölenden soň işi togtadylan alty ofiseriň garşysyna aýyp bildirilýändigini yglan etdi.

Iki hepde çemesi ozal 25 ýaşyndaky Freddi Greýiň ölümi Gündogar Kenar port şäherinde protestleriň we büzgünçilikleriň möwjäp galmagyna getirdi.

Ştat prokurory Marilin Mosbi "Jenap Greýiň ölümi ganhorluk» diýip jar etdi.

Mosbi onuň tussag edilmegi bikanun we tussaghanada oňa dogry çemleşilmezligi adam öldürmek bilen deň diýdi.

Mosbiniň jarnamasyndan gysga wagt soň çykyş eden prezident Barak Obama «hakykatyň ýüze çykmagy juda möhüm» diýdi. Greý 19-njy aprelde, tutulandan bir hepde soň, tussaghanada öldi.

XS
SM
MD
LG