Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama žurnalistleri kabul etdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 1-nji maýda Ak tamda rus žurnalisti Fatima Tlisowany we ýene iki žurnalisti kabul edip, dünýäde azat metbugata edilýän hüjümleri ýazgardy.

Prezident žurnalistleriň Yrakda terrorçylar tarapyndan öldürilmegini ýazgardy we «Washington Post» gazetiniň Tährandaky býurosynyň başlygy Jason Rezaýanyň boşadylmagyny gazanmagy wada berdi.

Ol içalyçylykda aýyplanyp, Eýrandaky türmede saklanylýar. "Gynansak-da, dünýäniň örän köp ýerinde azat metbugat hakykatdan gaçýan hökümetleriň hüjümine sezewar edilýär” diýip, Obama Tlisowa, wetnamly we efiopiýaly žurnalistler bilen duşuşanda aýtdy.

Tlisowa Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň ozalky žurnalisti we ýanamalar sebäpli Orsýeti terk etdi.

XS
SM
MD
LG