Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen hökümeti 4 aýyň jemine seretdi


Türkmen hökümeti Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen maslahatynda ýylyň dört aýynda ýurduň sosial-ykdysady ösüşiniň netijelerine seretdi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, prezident G.Berdimuhamedow maslahatda ýurduň ykdysady ösüş depgininiň gowy bolandygyny aýdypdyr. Resmi habarda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň ösüş möçberiniň 10 prosent ýokarlanandygy aýdylýar.

Prezident Berdimuhamedow ýurtda 50 milliard amerikan dollary möçberindäki gurluşyk işleriniň dowam etdirilýändigini aýdypdyr. Şeýle-de ol bu döwürde ýaşaýyş meýdany 280 müň kwadrat metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berlendigini belläpdir.

Ministrler kabinetiniň mejlisinde ýurduň maliýe-ykdysady pudagynyň, Sport boýunça döwlet komitetiniň işinden nägilelik bildirilipdir.

Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary B.Ereşowa bolsa, işde goýberen kemçilikleri üçin käýinç berlipdir.

XS
SM
MD
LG