Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan boksçysy ýeňdi


Poster boxing match between Floyd Mayweather and Manny Pacquiao. Picture from the official page on Facebook Floyd Mayweather.
Poster boxing match between Floyd Mayweather and Manny Pacquiao. Picture from the official page on Facebook Floyd Mayweather.

Amerikaly Floýd Meýwezer boks taryhyndaky iň baý tutluşykda filippinli Menni Pakýaodan üstün çykdy.

2-nji maýda Las Wegasyň «Grand Garden» arenasyna 17 müň çemesi tomaşaçy toplandy.

38 ýaşyndaky Meýwezer 36 ýaşyndaky Pakýaonyň agressiw hüjümine garşy durup, 12 tapgyr çaknyşyga tap getirmek üçin özüniň meşhur goranyş we garşylykly urgy usulyna daýandy.

Bu söweş boks taryhynda iň girdejili bäsleşik bolup, 400 million dollar peýda getirendir diýip bilinýär.

Meýwezeriň bu ýaryşda azyndan 180 million dollar gazanmagyna garaşylýardy.

XS
SM
MD
LG