Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa kosmos gämisini derňeýär


Russiýanyň kosmos gullugy Halkara kosmos stansiýasyna baryp ýerleşmekde şowsuz bolan pilotsyz ýük gämisiniň 8-nji maýda Ýere yzyna gaýtjakdygyny we atmosferada ýaryljakdygyny aýtdy.

Russiýanyň kosmos gullugy öz beýanatynda “Progres” atly ýük gämisiniň “8-nji maýda gije sagat 1:23 minut bilen 9:55 minut aralygynda ýok ediljekdigini” belleýär.

Şeýle-de, kosmos gullugy ýük gämisini ýok etmek çäresiniň planlaşdyrylany ýaly amala aşyryljakdygyny nygtaýar.

Ýükli sowet kosmos gämisi 28-nji aprelde kosmosa uçurylypdy. Gäminiň içindäki ýüküň düzüminde kislorod, suw we orbital laboratoriýa üçin niýetlenen serişdeler bardy.

Resmiler ýük gämisi kosmosa uçurylandan birnäçe sagat soň aragatnaşygyň ýitendigini aýdýarlar.

“Roscosmos” kosmos gullugynyň başlygynyň orunbasary Aleksandr Iwanowyň aýtmagyna görä, ýörite komissiýa ýük gämisiniň näme sebäpden meýilleşdirilen nokada ýetip bilmändigini derňeýär.

XS
SM
MD
LG