Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Dört adam ölüm jezasyna höküm edildi


Owganystanyň kazysy Kabulda “Gurhan” kitabyny otlady diýip ýalan töhmet atylan zenanynyň adamlaryň köpçüligi tarapyndan öldürilmegine gatnaşan dört adamy ölüm jezasyna höküm etdi.

Gürrüňi edilýän dört tussag bu sud işi bilen baglanyşykly sud zalyna çykarylan 49 tussagyň, şol sanda 19 polisiýa ofiseriniň arasyndady.

Gürrüňi gidýän zenana edilen hüjümiň wideo ýazgysy internetde peýda bolansoň, bu waka gahar-gazabyň döremegine we Kabulda köçe protestleriniň geçirilmegine sebäp boldy.

19-njy martdaky hüjümde pida bolan 27 ýaşly Farhunda gahar-gazaply adamlaryň köpçüligi tarapyndan urlup-ýenjilip öldürildi we soňra onuň jesedi otlanyp Kabul derýasyna zyňyldy.

XS
SM
MD
LG