Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýuwentus - Real Madrid: 2-1

5-nji maýda Futbol boýunça Ýewropanyň çempionlar ligasynyň ýarym-final oýunlary geçirildi. Onda Italiýanyň “Ýuwentus” futbol komandasy bilen Ispaniýanyň “Real Madrid” topary duşuşdy.

Bu duşuşykda ispan futbol topary 2-1 hasap bilen ýeňiş gazandy. Bu futbol duşuşygynyň 9-njy minudyndan futbolçy Alwaro Morata pökgini “Real Madrid” toparynyň, duşuşygyň 27-nji minudynda bolsa futbolçy Cristiano Ronaldo pökgini italýan komandasynyň derwezesine saldylar.

Futbol duşuşygynyň ikinji ýarymynda Carlos Teveziň pökgini “Juventus” futbol komandasynyň derwezesine salmagy netijesinde, duşuşyk “Real Madrid” futbol toparynyň 2-1 hasap ýeňişi bilen tamamlandy.

XS
SM
MD
LG