Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Garaşsyzlyk “iň abat” ugrunda


Köçeleri arassalaýan mugallymlar.

Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda häkimligiň we döwlete degişli beýleki edaralaryň onlarça işgäri aýlanyp, ýaşaýjylardan köçeleri arassalap, jemgyýetçilik jaýlaryň we hususy ýaşaýyş jaýlaryň gapylaryny, haýatlaryny ýaşyl reňke boýamagy tabşyrýar.

Bu çäräniň giň gerimde alnyp barylmagy netijesinde Garaşsyzlyk etrabynyň gurluşyk harytlaryny satýan ençeme dükanynda ýaşyl reňkdäki boýagyň satylyp gutarandygy aýdylýar.

Ýerli resmiler bu çäräniň ýurt boýunça geçirilýän “Iň abadan etrap” atly bäsleşige taýýarlyk bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Lebap wealaýatyndaky habarçysy Osman Hallyýewiň taýýarlan maglumatyny aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:33 0:00

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG