Belarus 7-nji maýda Hokeý boýunça dünýä çempionatynda ilkinji gezek ABŞ-ny 5-2 hasap bilen utdy.
Çehiýanyň gündogaryndaky Ostrawa şäherinde geçýän ýaryşda oýnuň ikinji ýarymynda Artur Gawrus, Artýom Wolkow we Aleksander Kitarow bäş munut arlygynda 3-0 hasap açdylar. ABŞ-nyň komandasy ýagdaýy öz peýdasyna üýtgedip bilmediler.
Beýleki duşuşyklarda Finlýandiýa 4-0 hasap bilen Sloweniýadan üstün çykdy, Şwesiýa Germaniýany 4-3 hasap bilen ýeňdi we ýaryşy geçýän Çehiýa Respublikasy Fransiýany 5-1 hasap bilen utdy.
Belarusyň Ostrawadaky ýeňişi iki ýyl bäri çärýek finala geçmegi üçin möhüm pursat boldy.