Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbilisi: hökümete ynam bildirildi


Gürjüstanyň hökümeti 8-nji maýda parlamentde premýer-ministr Irakli Garibaşwili öz kabinetini gaýtadan rejelemäge mejbur edileninden soň guralan ses berişlikde ynam sesini aldy.

Onuň hökümetiniň birnäçe agzasy işden çekilipdi. Täze hökümete günbatarçy goranmak ministri Tina Kidaşeli, 41 ýaşynda, hem girýär.

Onuň wezipesi ýurdy NATO goşmak tagallalaryny dowam etdirmekden ybarat. Prezident Georgi Margwelaşwili parlamente Tblisiniň Günbatara tarap alan ugry dolanuwsyz diýdi.

"Biziň esasy saýlan zadymyz ýewropa demokratiýasy, biziň esasy üstünligimiz – azatlyk» diýip, ol aýtdy.

Soňky bir ýyldan hem az wagt içinde gürji hökümetiniň ýedi ministri işden çekildi, olaryň soňkusy geçen hepde işden çekilen sport ministri Lewan Kipianidir.

XS
SM
MD
LG