Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl dört uruş gämisini satyn aldy


Ysraýyl Ortaýer deňzindäki tebigy gaz desgalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge kömek etjek Germaniýada öndürilen dört uruş gämisini satyn aldy.

Ysraýylyň Goranmak ministrliginiň 11-nji maýda beren maglumatyna görä, bahasy 430 million ýewro (480 million amerikan dollary) barabar bolan uruş gämileri bäş ýylyň dowamynda Ysraýyla gowşurylar. Şeýle-de, maglumatda bu gämileriň Ysraýylyň deňiz güýçleriniň kuwwatyny ähmiýetli derejede artdyrjakdygy bellenilýär.

Germaniýanyň hökümeti uruş gämileriniň umumy bahasynyň 115 million ýewro çemesini tölemek arkaly, gäminiň çykdajylaryna bölekleýin pul kömegini berer.

Ýük gämilerini öndürjek “Thyssen Krupp” atly kompaniýa hem şertnama laýyklykda, Ysraýylyň 181 million amerikan dollary möçberindäki harydyny satyn almagy planlaşdyrýar.

XS
SM
MD
LG