Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Ekspertler Wenada duşuşýar


Eýrana garşy girizilen halkara sanksiýalary gowşatmak şerti bilen, Tähranyň ýadro programmasyny jylawlamagy maksat edinýän ylalaşygy baglaşmak boýunça nobatdaky gepleşikleri geçirmek üçin Eýranyň we dünýäniň iň kuwwatly alty döwletiniň ekspertleri 12-nji maýda Wenada duşuşýarlar.

Şu hepde ekspertleriň hataryna Eýranyň we G5+1 toparynyň, ýagny Birleşen Ştatlaryň, Russiýanyň, Hytaýyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň ýokary derejeli syýasy resmileri goşular.

Taraplar iýun aýynyň ahyryna çenli hemmetaraplaýyn ylalaşygy baglaşmagy maksat edinýärler.

Diplomatlar ylalaşygyň taslamasyny düzmekde käbir öňe gidişlikleriň bolandygyny, emma möhüm meseleleriň saklanyp galýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG