Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň alyjylar jemgyýetine degişli sement satýan dükanlaryň açylyp başlanandygy we onda sementiň 1 tonnasynyň 220 manatdan satylýandygy habar berilýär.
Mart aýynda prezident Berdimuhamedow sementiň lomaý bahasyny kesgitläp, onuň 1 tonnasyny 175 manatdan satmaly edensoň, sement satýan hususy dükanlarda sementiň bahasy 330 manatdan däl-de, 280 manatdan satylyp başlanypdy.
Welaýatyň alyjylar jemgyýetine degişli sement satýan dükanlarda sementiň 1 tonnasy 220 manatdan satylsa-da, ilatyň bu dükanlardan sementi hepde-de diňe bir gün, penşenbe güni we diňe 250 kilogram satyn alyp bilýändigi aýdylýar.
Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatynda habarçysy Osman Hallyýewiň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
Teswirleri gör (1)
Has köp teswir ýükle