Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow: Russiýa Günbatar bilen hyzmatdaşlyga taýýar


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwa Günbatar bilen ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýar diýdi.

Lawrow bu barada 20-nji maýda Russiýanyň parlamentiniň ýokarky öýüniň geçirýän “Federasiýa geňeşinden” öň mälim etdi.

Şeýle-de, ol Moskwa “Waşington täze harby başdangeçirmeleriň öňüni almak üçin öz täsirini Kiýewiň üstünde ulanar” diýip umyt edýär diýdi.

Lawrowyň bu baradaky çykyşy, 2014-nji ýylyň mart aýynda Russiýa Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa edensoň, NATO bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar “Sowuk urşy” döwründen bäri iň pes derejesine ýeten mahalyna gabat geldi.

Günbatar ýurtlary Russiýany Ukrainanyň gündogaryndaky separatistleri goşun we ýarag bilen üpjün etmekde hem aýyplaýarlar. Moskwa bu aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG