Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Yraga harby ýaraglary ugradýar


Birleşen Ştatlar “Yslam döwleti” atly toparyň amala aşyrýan janyndan geçen bomba hüjümlerine garşy göreşmek üçin iýun aýynda Yraga 1 müň sany anti-tank, ýagny duşman tankyndan goranyş ýaraglary ugradýar. Bu barada 20-nji maýda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň resmisi mälim etdi.

Bu karar Respublikanlaryň, Ak tamyň “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy uruş alyp barmagy baradaky tankydy bilen bir wagtda ýüze çykdy.

Ramadide söweşijileriň şäheriň goranyşyna aralaşmak üçin ulanan “rehimsiz we köp möçberdäki” janyndan geçen bombaçylary “Yslam döwleti” atly toparyň üstünlik gazanmagyna sebäp bolan esasy zat boldy diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmisi belledi.

Ramadide heniz hem hökümet güýçleriniň kontrollygynda saklanylýan merkezi jaý toplumynyň daş-töweregindäki howpsuzlyk aýlawyny partlatmak üçin partladyjy serişdeler birikdirilen buldozerler ulanyldy.

XS
SM
MD
LG