Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Myhmanhana hüjüm edildi


Kabulyň Wazir Akbar Han sebitinde owgan polisiýasy hüjümiň edilen ýeriniň golaýynda garawullyk edýär. 26-njy maý, 2015 ý.
Kabulyň Wazir Akbar Han sebitinde owgan polisiýasy hüjümiň edilen ýeriniň golaýynda garawullyk edýär. 26-njy maý, 2015 ý.

Owganystanyň paýtagty Kabulyň diplomatik sebitinde ýerleşýän myhmanhana hüjüm eden ýaraglylar bilen hökümet güýçleriniň arasynda uzak gije dowam eden çaknyşyklar 27-nji maýda daňdan tamamlandy diýip, owgan ministri habar berýär. Bu çaknyşyklaryň netijesinde myhmanhana hüjüm eden dört hüjümçi öldürildi.

“Talyban” hereketi “basybalyjylar” diýip atlandyran bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Owganystanyň içeri işler ministriniň orunbasary Aýoub Salanginiň “Twitter” sosial ulgamynda beren maglumatyna görä, agyr ýaragly, şol sanda granatamýot we raketa atyjylar, “AK-47” kysymly ýaraglar bilen üpjün edilen dört hüjümçiniň ählisi hem polisiýa bilen bolan çaknyşyklaryň netijesinde öldürilipdir.

Owgan resmileri gürrüňi edilýän myhmanhananyň adyny köpçülige mälim etmediler. Emma owgan we Günbataryň howpsuzlyk çeşmeleri hüjümde “Rabbani” myhmanhanasynyň nyşana alnandygyny aýdýarlar. Bu myhmanhana Owganystanyň öňki prezidentiniň maşgalasynyň we häzirki daşary işler ministri Salahuddin Rabbaniniň eýeçiligindedir.

“Heetal” ady bilen hem tanalýan “Rabbani” myhmanhanasy Owganystandaky daşary ýurtlylaryň arasynda meşhurlyga eýedir.

XS
SM
MD
LG