Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“AI”: “Hamas” uruş jenaýatlaryny etdi


Adam hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy özüniň 27-nji maýda ýaýradan hasabatynda geçen ýyl Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda bolan uruşda “Hamas” yslamçy hereketiniň Gaza zolagyndaky palestinalylara garşy uruş jenaýatlaryny amala aşyrandygyny aýdýar.

Gaza bilen Ysraýylyň arasynda 50 gün dowam eden şol uruş 2014-nji ýylyň awgust aýynda ok atyşygy bes etmek barada gelnen ylalaşygyň netijesinde tamamlanypdy.

Saglyk resmileri aglabasy parahat ilatdan ybarat 2 100-den gowrak palestinalynyň heläk bolandygyny aýdypdylar. Ysraýyl şol çaknyşyklarda 67 esgeriniň we parahat ilatdan alty raýatynyň ölendigini mälim edipdi.

“Amnesty International” guramasynyň hasabatynda “Hamas güýçleri Ysraýylyň Gaza garşy harby hüjümleri eden döwründe Ysraýyl we beýlekiler bilen “hyzmatdaşlyk” etmekde aýyplanýan palestinalylara garşy ýowuz alnyp gaçylmalary, gynamalary we bikanun öldürmeleri amala aşyrdy” diýilýär.

“Hamas” hereketiniň metbugat wekili bu hasabaty adalatsyz diýip häsiýetlendirip tankyt etdi.

XS
SM
MD
LG