Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Dokuz adam öldürildi


Owganystanda söweşijileriň Balh welaýatyndaky myhmanhana hüjüm etmegi netijesinde dokuz owgan raýaty, şol sanda bir zenan öldi.

Bu hüjüm 2-nji iýunda Balh welaýatynyň günortasyndaky Zari etrabynda amala aşyryldy.

Welaýat polisiýa başlygynyň metbugat wekili Şir Jan Durraniniň aýtmagyna görä, wakada pida bolanlaryň ýedi sanysy ýurduň çetindäki ösüş taslamalaryna gözegçilik edýän “Milli raýdaşlyk programmasynyň” işgäridir. Onuň aýtmagyna görä, wakada ölenleriň beýleki iki sanysy bu programmanyň işgärlerine garawullyk edýän owgan howpsuzlyk gullugynyň agzalarydyr.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady.

Owganystanyň beýleki demirgazyk welaýatlary bilen deňeşdirilende Balh welaýatynda howpsuzlyk şertleri has durnuklydy.

XS
SM
MD
LG