Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik komandiri dönüklikde gözlenýär


Täjigistan “Yslam döwleti” atly topara goşulan ýokary derejeli täjik polisiýa komandiriniň tussag edilmegi barada halkara gözleg yglan etdi.

Täjigistanyň Baş prokuratura edarasynyň 3-nji iýunda beren maglumatyna görä, polkownik Gulmuro Halimow “watana dönüklik etmek” we ýurduň daşyndaky harby çärelere bikanun gatnaşmak ýaly jenaýat aýyplamalary bilen gözlenýär.

Beýanatda berilýän maglumatda “hakyna tutmak çärelerine gatnaşmaklyk diýmeklik, onuň öz-özüni “Yslam döwleti” diýip atlandyrýan halkara terroristik gurama goşulandygyny aňladýar” diýilýär.

Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň “OMON” ady bilen tanalýan Ýörite güýçleriniň komandiri Halimow aprel aýynda ýitirim bolupdy.

27-nji maýda internetde peýda bolan wideo ýazgyda Halimowyň snaýper, ýagny mergen tüpeňini bulaýlap, Russiýada we Birleşen Ştatlarda mukaddes urşuň amala aşyryljakdygy barada haýbat atýan pursatlary görkezildi.

XS
SM
MD
LG