Azatlyk Radiosynyň türkmenistanly synçysy Nurberdi Nurmämmedowyň öý we mobil telefonlaryna ýurduň daşyndan birnäçe gün bäri çykyp bolanok. Şol bir wagtyň özünde-de Nurberdi aga ýurduň içinden edilýän jaňlaryň özüne gelýändigini aýdýar. Onuň telefon aragatnaşygynda dörän näsazlyklara näme sebäp bolýar?
Azatlyk Radiosy Nurberdi Nurmämmedow bilen başga nomerleriň üsti bilen habarlaşyp, dörän ýagdaý barada gürrüň bermegi sorady.