Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: “YD”-nyň harby mesgeni weýran edildi


Yragyň Hawijah şäherçesine edilen howa hüjüminde “Yslam döwleti” atly toparyň ulag bombalaryny taýýarlaýan uly mesgenleriniň biri doly weýran edildi. 3-nji iýunda edilen bu hüjümiň agyr ýitgilere we güýçli weýrançylyga sebäp bolandygyny, Yragyň resmileri belleýärler.

Maglumatda howa hüjüminiň netijesinde dörän partlamanyň sesini gürrüňi edilýän şäherçeden 55 kilometr uzaklykda ýerleşýän Kirkuk şäherinden hem eşidip bolandygy aýdylýar.

Yragyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, bu hüjüm Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýa tarapyndan amala aşyrylypdyr.

Gürrüňi edilýän desganyň içinde tanklar, “Humvee” ady bilen tanalýan ulaglar we partladyjy serişdeleriň uly mukdary bardy. Bu desga “Yrakdaky we Siriýadaky şuňa meňzeş desgalaryň iň ulusydy” diýip, Yragyň polkownigi “AFP” habar gullugyna beren maglumatynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG