Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa, Müsür harby türgenleşik geçirýär


Rus harby gämisi
Rus harby gämisi

Russiýanyň we Müsüriň harby gämileri Ortaýer deňzinde özleriniň bilelikdäki ilkinji harby-deňiz türgenleşiklerini geçirýärler. Bu barada Russiýanyň Goranmak ministrligi habar berýär.

Ministrligiň berýän maglumatyna görä, şenbe güni başlanan türgenleşikler sekiz gün dowam edip, 14-nji iýunda tamamlanar. Bu türgenleşiklere Russiýanyň “Moskwa” kreýseri, “Samum” korwetti we ýene-de üç gämisi gatnaşar. Müsüriň bäş harby gämisiniň arasynda “Taba” we “Dumýat” frigatlary hem bar.

Geçen aý Ortaýer deňzinde Russiýa-Hytaý harby-deňiz türgenleşikleri hem geçirilipdi.

XS
SM
MD
LG