Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Dinastiýanyň” goldawyna ýöriş geçdi


“Dinastiýanyň” 82 ýaşly ýolbaşçysy Dmitriý Zimin.

Moskwada müňlerçe adam ylmy-barlag merkezini hökümetiň basyşyndan goramak üçin ýöriş geçirdiler.

Mundan iki hepde ozal ýurduň Adalat ministrligi şahsy “Dinastiýa” fonduny özüniň daşary ýurtly agentleriniň sanawyna goşupdy. “Dinastiýa” fondy Russiýada ylmy-barlag işlerini maliýeleşdirýän esasy guramalaryň biridir.

Putiniň 2012-nji ýylda çykaran karary esasynda daşary ýurt tarapyndan maliýeleşdirilýän islendik gurama “daşary ýurt agenti” hökmünde hasaba alynmaly.

Moskwanyň merkezinde geçirilen ýörişe alymlar, intelligensiýanyň wekilleri we oppozisiýa aktiwisti Alekseý Nawalnyý hem gatnaşdy.

Demonstrantlaryň ellerinde “Nobel laureatlary daşary ýurt agentleri” we “Putin meseläni çözüp bilmez, onuň özi mesele” diýen ýazgyly plakatlar hem bardy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG