Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada bir esger öldi


Ukrain esgeri
Ukrain esgeri

Ukrainanyň gündogarynda orýsetparaz separatistleri bilen gidýän çaknyşygyň netijesinde – soňky 24 sagadyň içinde – 1 ukrain esgeri öldürildi, 10-sy hem ýaralandy. Bu barada Ukrainanyň harbylary maglumat berýärler.

Harbylaryň metbugat wekili Andriý Lysenko jeňçileriň gözegçiligindäki Donetsk regionynda separatistleriň artilleriýa toplaryny atandygyny mälim etdi.

Taraplaryň ikisi-de biri-birini artilleriýa ýaraglaryny ulanmakda aýyplaýarlar. Ýatladyp geçsek, mundan dört aý ozal gelnen ýaraşyk ylalaşygyna laýyklykda, agyr ýaraglary ulanmak gadagan edilýärdi.

Orsýetparaz separatistler öten gije hökümet güýçleriniň Donetski artilleriýa toplaryna tutandygyny öňe sürdüler.

XS
SM
MD
LG