Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet, Katar ýaryşdan mahrum bolup biler


Domeniko Scala
Domeniko Scala

Futbol boýunça halkara federasiýasynyň (FIFA) resmisi korrupsiýa boýunça subutnamalaryň peýda bolan ýagdaýynda Orsýetiň we Kataryň dünýä çempionatyny geçirmek hukugyndan mahrum bolup biljekdigini aýtdy.

FIFA-nyň barlaglar komitetiniň ýolbaşçysy Domeniko Skala bu guramanyň agzalan iki ýurdy futbol boýunça dünýä ýaryşyny geçirmek mümkinçiliginden mahrum etmek meselesini gozgan ilkinji ýokary derejeli resmisidir.

“Eger Orsýetiň we Kataryň ýaryşy geçirmek hukugyna diňe para esasynda eýe bolandygyna subutnama bar bolsa, onda bu hukuk ret ediler”, diýip Skala 7-nji iýunda Şweýsariýanyň “Sonntagszeitung” neşrine beren interwýusynda aýtdy.

Skalanyň wekilleri hem onuň aýdanlaryny tassykladylar.

27-nji maýda Şweýsariýanyň polisiýasy ABŞ-nyň korrupsiýa bilen bagly öňe süren aýyplamalarynyň esasynda FIFA-nyň ýedi resmisini tussag etdi. Şeýle-de Şweýsariýanyň resmileri 2018-nji we 2022-nji ýyllarda Dünýä çempionatyny geçirmek üçin Kataryň we Orsýetiň saýlanmagynyň sebäplerini derňemek üçin aýratyn iş gozgadylar.

XS
SM
MD
LG