Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Atom agentliginiň hasabatyny ret etdi


BMG-niň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň edarasy, Wena, 2015
BMG-niň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň edarasy, Wena, 2015

Orsýet BMG-niň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýyllyk hasabatyny ret etdi. Sebäbi hasabatda Sewastopol şäherindäki atom reaktorynyň Ukrainada ýerleşýändigi aýdyldy.

Orsýetiň BMG-niň Wenadaky wekili Moskwanyň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň hasabatyna garşy çykýandygyny 8-nji iýunda tassyklady. Diplomat Wladimir Woronkow hasabat “hakykata ters gelýär” diýdi.

Orsýetiň Ukrainanyň Gara deňizdäki Krym ýarymadasyny 2014-nji ýylyň mart aýynda anneksiýa edip, öz düzümine goşmagy halkara jemgyýetçiliginiň uly bölegi tarapyndan ykrar edilmedi.

Ukrainanyň EnergoAtom agentligi Krymdaky ýadro obýektlerine özüniň jogapkär däldigi, sebäbi Krymyň bölünmeginden soň ol ýere baryp bilmeýändigi barada Atom energiýasy boýunça halkara agentligini habarly etdi.

XS
SM
MD
LG