Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ban Ki-mun Täjigistana bardy


Birleşen Milletler Guramasy Merkezi Aziýa ýurtlaryna arassa suw çeşmeleri meselesinde kömek berip biler, bu pikiri BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun Täjigistanyň paýtagtynda eden çykyşynda aýtdy.

BMG-niň radiosy Ban Ki-munyň Duşenbede suw meselelerine bagyşlanan halkara maslahatda çykyş edendigini habar berýär. Baş sekretaryň nygtamagyna görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň umumy suw resurslary bar, emma ol çäkli.

Ilat sanynyň köpelmegi, durmuş derejesiniň ösmegi, klimatyň özgermegi bu problemany has-da çuňlaşdyrýar.

Ban Ki-mun žurnalistler bilen duşuşykda bu meseleleriň regionyň ýurtlarynyň BMG bilen hyzmatdaşlygy arkaly çözülip biljegini aýtdy. Şeýle-de ol täjik ýolbaşçylaryny BMG-niň adam hukuklary baradaky rekomendasiýalaryna gulak asmaga çagyrdy.

Duşenbe BMG-niň Adam hukuklary komitetine ikinji döwürleýin hasabatyny bermäge taýýarlanýar.

XS
SM
MD
LG