Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde
G.Berdimuhamedowyň döwründe gurlan monumentler

25-nji maýda “Aşgabat şäheriniň gününde” paýtagtda Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Arkadag” atly monumentiniň açylyş dabarasy boldy. Aşgabatda bir tarapdan öňki prezident S.Nyýazowyň döwründe gurlan monumentleriň, ýadygärlikleriň käbirleri başga ýere göçürilse ýa-da doly ýumrulsa, beýleki tarapdan täze-täze monumentler gurulýar. Aşakdaky infografikda prezident G.Berdimuhamedowyň döwründe Aşgabatda gurlan monumentler barada maglumat berilýär.

2011
“Galkynyş” binasy
Bu bina Galkynyş we Türkmenbaşy prospektiniň kesişýän ýerinde ýerleşýär. Il içinde bu monumente “çupa-çups” diýilýär. Ol 2011-nji ýylyň maý aýynda açyldy. Onuň gurluşygyna sarp edilen pul serişdesi barada maglumat berilmeýär.
2011
“Sungat” monumenti
Bu monument paýtagtyň AtaTürk we 10 ýyl abadançylyk propsektleriniň kesişýän ýerinde ýerleşýär. Ol 2011-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda açyldy. Il içinde “dutar” ady bilen tanalýan bu monument bu sebitdäki medeniýet şäherçesiniň golaýynda guruldy. Onuň gurluşygyna sarp edilen pul serişdesi barada maglumat berilmeýär.
2011
“Konsititusiýa” binasy
Bu bina paýtagtyň Arçabil prospektinde ýerleşýär. Ol 2011-nji ýylyň 18-nji maýynda açyldy. Bu monumente öňden gelýän däp boýunça il çinde “şpris” diýilip at goýuldy. Bu binanyň boýy 185 metr bolup, onuň gurluşygyna 45 million ýewro sarp edildi.
2011
Termometr-monument
Bu monument Bitaraplyk we 10 ýyl abadnçylyk prospektleriniň kesişýän ýerinde ýerleşip, ol il içinde “termometr” diýlip atlandyrylýar. Onuň boýy 36 metr. 2011-nji ýylda gurlan bu monument howanyň temperaturasyny senäni we sagady görkezýär. Onuň gurluşygyna sarp edilen pul serişdesi barada maglumat berilmeýär.
2011
“Oguz han we ogullary” fontanlar kompleksi
Bu kompleks Gagarin we Bitaraplyk köçeleriniň kesişýän ýerinde ýerleşýär. Ol 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda prezident G.Berdimuhamedowyň doglan gününe gabatlanyp açyldy. 2011-njy ýylda bu fontanlar kompleksi Ginnesler kitabyna “köpçülik ýerinde özünde has köp fontanlary jemleýän kompleks” hökmünde girdi. Onuň gurluşygyna sarp edilen pul serişdesi barada maglumat berilmeýär.
2013
Polatly atly bedewiň ýadygärligi
Bu ýadygärlik Gökdere, ýagny öňki Çülidäki Halkara atçylyk toplumynyň golaýyndaky Köpetdag prospektinde ýerleşýär. Bu monumentdäki Polatlynyň ýadygärligi öň Bekrewede ýerleşýärdi. Bu monument 2013-nji ýylda Bedew baýramynda açylypdy. Onuň gurluşygyna sarp edilen pul serişdesi barada maglumat berilmeýär.
2014
“Ak şäherim-Aşgabat” monumenti
Bu monument Magtymguly prospektinde ýerleşýär. 2014-nji ýylyň 24-nji maýynda açylan bu monumentiň boýy 25 metre barbardyr. Onuň gurluşygyna sarp edilen pul serişdesi barada maglumat berilmeýär.
2014
“Ýanardag” monumenti
Bu monument Köpetdag we Andalyp prospektleriniň kesişýän ýerinde ýerleşýär. 2014-nji ýylda açylan bu monumentde uçup barýan Ýanardag atynyň we onuň ýanynda taýçanagyň monumenti goýulupdyr. Boýy 37 metre barabar bolan bu monumentiň gurluşygyna sarp edilen pul serişdesi barada maglumat berilmeýär.
2015
“Arkadag” binasy
Bu bina şu ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününde açyldy. Paýtagtyň “Aşgabat”stadionynyň golaýynda gurlan bu binanyň awtory Saragt Babaýew bolup, onuň umumy boýy 21 metre barabardyr. Bu monumentiň ýokarysynda ýerleşdirilen prezident G.Berdimuhamedowyň altyn çaýylan heýkeliniň boýy 6 metre deňdir. Onuň gurluşygyna sarp edilen pul serişdesi barada maglumat berilmeýär.
2015
Ak bugdaý” monumenti
Paýtagtyň Arçabil we B.Annanow prospektleriniň kesişýän ýerinde ýerleşen “Ak bugdaý” monumenti şu ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününde açyldy. Umumy boýy 36 metre barabar bolan bu menumentiň gurluşygyna sarp edilen pul serişdesi barada maglumat berilmeýär.
2015
“Abadançylyk” binasy
Arçabil we Çandybil prospektleriniň kesişýän ýerinde ýerleşen bu bina şu ýyl 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň gününde açyldy. Umumy boýu 47 metre barabar bolan bu binanyň gurluşygyna sarp edilen pul serişdesi barada maglumat berilmeýär.
2015
“Ýyldyz” monumenti
Bu monument Aşgabadyň Bagtyýarlyk we Oguz han köçeleriniň kesişýän ýerinde gurlup, ol şu ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününde açyldy. Bu menumentiň gurluşygyna sarp edilen pul serişdesi barada maglumat berilmeýär.
2015
“Ylym” monumeti
Aşgabat şäheriniň gününde açylan bu monument hem şu ýylyň 25-nji maýynda açyldy. Ýanbaş we Bekrewe şosseleriniň kesişýän ýerinde ýerleşen bu monumentiň boýy 36 metre barabardyr. Bu menumentiň gurluşygyna sarp edilen pul serişdesi barada maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG