Awstraliýanyň premýer-ministri Toni Abbot Ýuwaş Okean ýurtlaryny jyhatçy toparlara garşy söweşe çagyrdy, ol munuň sebitiň iň uly howpsuzlyk synagydygyny aýdýar.
Abbot 11-nji iýunda Sidniýde terrorçylar propagandasyna garşy guralan konferensiýa ýüzlenip, «Yslam döwleti» toparyny «global ambisiýaly ölüm külty» diýip atlandyrdy.
«Siz munuň ýaly bir gurama bilen gepleşip-düşinişip bilmersiňiz, diňe söweşip bilersiňiz» diýip, ol aýtdy.
Bu konferensiýa 25 ýurtdan ministrler, şol sanda "Google", "Facebook", "Twitter" ýaly sosial ulgamlaryň, metbugat neşirleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Awstraliýa özüniň 100-den gowrak raýatynyň Siriýadaky we Yrakdaky jeňçi toparyň hatarynda söweşýändigini aýdýar.
Menä düýnki reýs bilen bir garyndaşymy konsullykdan birine bilediň daşyndan 600$ berip getirtdim. Aşgabatdan çözjek bolsaň 3000$ soraýalar, ýöne aňryň konsullugyna çyksaň bärräk bolýan ekeni.