Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussagyň ejesi türmäni suda berýär


Gazak türmesinde oturan tussagyň ejesi öz ogluny urup, kellesine zeper ýetiren türmäni suda berjegini aýdýar.

Nesipgül Alpysbaýewa Azatlyk radiosyna öz ogly Eskendir Tugelbaýewiň gündogar Gazagystandaky OV156/18 belgili türmede saklanýandygyny, onuň 12-nji maýda polisiýa ýa-da türme sakçylary tarapyndan gazaply ýenjilendigini aýtdy.

Ol oglunyň kelleçanagyna, beýnisine zeper ýetendigini we onuň şu sebäpden gürläp bilmeýändigini aýdýar.

Tugelbaýew häzir Semeý şäherindäki hassahanada saklanýar. Türme häkimiýetleri, buýruga boýun bolmanyndan soň, oňa garşy güýç ulanylandygyny tassyk etdiler. Emma olar munuň kanun çäginde bolandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG