Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hodorkowskiý: Putin galp konflikt döretdi


Rus-ukrain konfliktiniň gysga möhletli çözgüdi ýok we ol Günbatar bilen döredilen galp konfliktiň bir bölegi diýip, Orsýetiň prezidentiniň tanymal tankytçysy Mihail Hodorkowskiý aýtdy.

Ol 17-nji iýunda bu konfliktiň adaty orsýetlileriň ünsüni korrupsiýadan sowmak üçin oýlanyp tapylandygyny öňe sürdi.

Bir zaman Orsýetiň iň baý adamy bolan, galplaşdyrylan aýyplamalar zerarly on ýyl türmede saklanan, häzir daşary ýurtda bosgunlykda ýaşaýan Hodorkowskiý Putin häkimiýetde otursa, gatnaşyklary gaýtadan dikeltmegiň hakyky mümkinçiliginiň bolmajagyny aýdýar.

Mihail Hodorkowskiý Waşingtondaky Atlantika geňeşi institutynda sözlän sözünde rus-amerikan gatnaşyklarynyň Sowuk uruşdan bäri iň aşaky derejä düşendigini, Orsýetiň dolandyryjy elitasynyň bu izolýasiýany häkimiýetde saklanmak üçin gural edip ulanýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG