Dünýädäki iň garry adam 116 ýaşynda Detroit şäheriniň golaýynda öz öýünde aradan çykdy.
Dinçi Jeralean Talleý 1899-njy ýylyň 23-nji maýynda ABŞ-nyň günortasyndaky Georgia ştatynda doglupdy. Onuň 17-nji iýunda aradan çykandygyny 77 ýaşly gyzy Thelma Holloway aýtdy.
Talleý dünýäniň iň uly ýaşly adamy hökmünde ABŞ-da ýerleşýän gerontologiýa ýagny garrylyk boýunça barlaglar merkezi tarapyndan kesgitlenipdi. Onuň dünýäsini täzelemegi bilen dünýäniň iň garry adamynyň 115 ýaşly Susannah Mushatt Jonesdygy aýdylýar.