Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda websaýtlar petiklendi


Täjigistanda sosial ulgamlar, şol sanda Facebook, YouTube we Odnoklassniki petiklendi.

Bu ýagdaý «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň hataryna geçen täjik komandirini görkezýän ikinji wideo peýda bolanyndan soň döredi.

Duşenbe häkimiýetleri bu gadaganlyga resmi düşündiriş bermediler. Emma Içeri işler ministrliginiň pitnä garşy güýçleriniň komandiri Gulmurad Halimowyň aprel aýynda gaçyp, daşary ýurtdaky «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň hataryna goşulmagy Täjigistan üçin uly ynjalyksyzlyk döretdi.

Sebäbi bu ýurt Siriýa, Yraga gidip, jeňçi toparyň hataryna goşulýan ýaşlaryň pikirini üýtgetjek bolup tagalla edýär.

Täjik mediasy internet ulanyjylaryň 18-nji iýundan, Halimowly wideo görkezileli bäri websaýtlara girip bilmeýändiklerini ýazdy.

XS
SM
MD
LG