Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistan: yssydan 800-e golaý adam öldi


Pakistanyň günorta şäheri Karaçide dört gün dowam eden yssy howadan 780-den gowrak adam öldi.

Hökümet, adamlary öýde saklamak üçin, şäherde dynç günlerini yglan etdi. Howanyň yssysy elektrigiň erbet çäklendirilmegine we Remezan aýyna, musulmanlaryň gündizlerine agyz bekleýän wagtyna gabat geldi.

Ýogalanlaryň köpüsi gartaşan we garyp adamlar bolup, olar esasan teşnelik sebäpli öldi.

Karaçiniň baý maşgalalarynyň köpüsinde sowadyjy işletmek üçin generator bar. Hepde ahyrynda bu ýeriň yssysy 44 gradusdan geçdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG