Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wikileaks: Fransuz prezidentlerine gözegçilik edildi


«WikiLeaks» 23-nji iýunda ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk agentliginiň Fransiýanyň üç prezidentine - Žak Şiraga, Nikolas Sarkozä we Fransua Ollande gizlin gözegçilik edendigini aýtdy.

Bu habarlar ilki Fransiýanyň gündelik «Liberation» gazetinde, “Mediapart» habarlar saýtynda çap boldy. Aýdylmagyna görä, Milli howpsuzlyk agentligi fransuz prezidentlerine azyndan 2006-njy ýyldan 2012-nji ýylyň maýyna çenli gizlin gözegçilik edipdir.

«WikiLeaks» bu dokumentleriň Milli howpsuzlyk agentliginiň Ollandyň, Sarkoziniň we Şiragyň, şeýle-de Fransiýanyň hökümet ministrleriniň, ABŞ-daky ilçileriniň gepleşiklerine göni eden gözegçiliginden alnandygyny aýtdy.

Mundanam başga, ol dokumentlerde Ýeliseý prezident köşgüniň bir topar resmisiniň mobil telefonlarynyň, şol sanda prezidentiň göni mobil telefonynyň nomerleri bar.

Fransuz prezidenti Fransua Olland 24-nji iýunda, bu habarlar bilen byglylykda, adatdan daşary howpsuzlyk geňeşini çagyrdy we ýaranlaryň arasynda beýle zadyň "kabul ederlik däldigini" aýtdy.

XS
SM
MD
LG