Balkan welaýatynyň Nebitdag şäherindäki iň gadymy binalaryň biri diýlip hasaplanylýan köne wokzalyň binasynyň häzirki wagtda harabalyga öwrülendigini görse bolýar.
Haraba öwrülen wokzal

1
1990-njy ýyllarda Nebitdag şäherinde täze wokzalyň gurulmagy bilen ýapylan bu wokzalyň binasynyň häzirki wagtda harabalyga öwrülendigini görse bolýar.

2
Wokzal ýapylandan soň, bu binada dürli harytlary satýan dükanlaryň açylandygy habar berilýär. Şol dükanlaryň arasynda azyk we gurluşyk harytlaryny satýan dükanlar hem bardy. Ýöne bu binada ýangynyň döremegi netijesinde şol dükanlar hem ýapyldy.

3
Sowet döwründe bu wokzaldan Aşgabada we Türkmenbaşy şäherlerine otly gatnawlary amala aşyrylýardy.

4
Wokzalda dörän ýangyndan soň, jaýyň içinde dürli zir-zibilleriň depeleriniň emele gelendigini görse bolýar. Käbir ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, adamlaryň käbirleri bu ýere öz zir-zibillerini hem zyňýarlar.