Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Ukraina ýardamyny artdyrýar


NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberg Kiýewe goşmaça goldawyň, şol sanda ýol ýakasyndaky minalary aýyrmak kömeginiň beriljegini aýtdy we Ukrainada heniz hem agyr söweşleriň turmak töwekgelliginiň bardygyny duýdurdy.

Stoltenberg Brýusselde, 25-nji iýunda NATO-Ukraina geňeşiniň açylyşynda eden çykşynda Moskwany separatistleri goldamagy bes etmäge çagyrdy.

Bu geňeş Sowuk uruş tamamlanandan soň Ukraina bilen gatnaşyklary ugrukdyrmak üçin döredildi.

Stoltenberg NATO-nyň Ukrainanyň toprak bütewiligini we özygtyýarlylygyny goramaga ygrarly galýandygyny, Orsýetiň Krymy «bikanun anneksiýa etmegini» ykrar etmejegini aýtdy.

XS
SM
MD
LG