26-njy iýunda Fransiýanyň günortasyndaky Grenoble şäherindäki tebigy gaz zawodynda yslamçy şekiller çekilen baýdagy göterýän azyndan bir hüjümçi bir adamy öldürip, başga-da birnäçesini ýaralady.
Şübheli hüjümçi zawodyň içine girip, birnäçe kiçi partladyjy serişdeleri ýardy. Fransiýanyň kanun edaralaryndaky çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, häkimiýetler zawodyň girelgesine goýlan we üsti arapça ýazgyly örtgi bilen örtülen adamyň göwresiz kellesini tapypdyrlar. Şeýle-de, bu wakada başga-da birnäçe adamyň pida bolandygy barada maglumatlar bar.
Fransuz çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, şübheli hüjümçi tussag edildi. Resmiler şübheli hüjümçä garşy terrorçylyk boýunça jenaýat işini açdylar hem-de onuň bu hüjümi amala aşyrmakda ýoldaşlarynyň bardygyny-ýokdugyny derňeýärler.
Fransiýanyň içeri işler ministri Bernard Kazenew (Bernard Cazeneuve) wakanyň bolan ýerine “dessine” barjakdygyny aýtdy.
Bu hüjüm şu ýylyň ýanwar aýynda yslamçy hüjümçiler Parižde we onuň daş-töwereginde 17 adamy öldürenden alty aý soň boldy.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!