Türkmenistanyň Balkan welaýatynda ýerleşýän Awaza syýahatçylyk zolagynyň takmynan 200 metr golaýynda zir-zibil depelerini görse bolýar. Bu zir-zibilller 2010-2011-nji ýyllarda ýykylan käbir katež jaýlaryň gurluşyk materillaryndan döräp, olar heniz hem arassalanmandyr.
Awazanyň "beýleki ýüzi"

1
2000-nji ýyllaryň başynda Türkmenistanda Awaza obasynyň we daçalygynyň demirgazygyndan şäheriň 300-e golaý ýaşaýjysyna ýaşaýyş jaýlaryny salmak üçin mellek ýerleri berlendigi habar berilýär.

2
Ýerli ilat salynan jaýlaryň daş sypatyndan hasap ýöredip, etrapça “Kotdežler” diýip at dakypdyr. Emma 2007-nji ýylda “Awaza” syýahatçylyk zolagynyň gurlup başlnmagy bilen, “Kotdežler” sebitinde gurlan şol jaýlaryň käbileri ýykylyp başlanypdyr.

3
Şol ýykylan jaýlaryň gurluşyk materiallaryndan dörän zir-zibilleriň heniz hem ýygnalyp äkidilmändigi habar berilýär.

4