Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kuweýt: Bomaçy saudly eken


Kuweýt şaýy metjidinde ganly hüjümi amala aşyran janyndan geçen bombaçynyň Saud Arabystanynyň raýaty bolandygyny aýtdy.

Içeri işler ministrligi Fahd Suleiman Abdulmohsen al-Kabaanyň 26-njy iýunda, daňdan Kuweýt aeportuna uçup gelendigini aýtdy. Ol şondan biraz soň paýtagtdaky Al-Amman Al-Sadek metjidinde partlaýjylary ýarypdyr.

«Yslam döwleti» ekstermist topary 27 dindary öldüren, 220-den gowrak adamy bolsa ýaralan hüjümiň jogapkärçiligini öz boýnuna aldy.

Biraz öň häkimiýetler howpsuzlyk gulluklarynyň bombaçyny metjide getiren sürüjini tussag edendiklerini aýtdy, ol bombaçynyň düşlän öýüniň hem eýesi eken.

XS
SM
MD
LG