Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaý: Täze bakyň açylyşyna gol goýuldy


Russiýanyň maliýe ministriniň orunbasary Sergeý Storçak resminama gol goýýar. 29-njy iýun, 2015 ý. Hytaýyň paýtagty Pekin.

Hytaýda täze halkara maliýe instituty – Aziýa Infrastruktura bankyny açmak boýunça gol goýmak dabarasy amala aşyryldy. Bu bank Dünýä banky we Aziýa Ösüş banky bilen bäsleşer.

29-njy iýunda Pekinde Aziýa Infrastruktura bankyna agza 57 ýurduň wekilleri duşuşdylar we her biriniň bu bankdaky paý bölegini kesgitleýän resminama gol goýdular.

Hytaý Aziýa Infrastruktura bankynyň başlangyç maýa goýumynyň 30%-ni üpjün eder we ol ses bermek ukybynda 26% paýa eýe bolar.

Hindistan bu bankyň maýa goýumynyň 8,4%-ni, Russiýa 6,55%-ni üpjün edýär.

Awstraliýa, Britaniýa, Germaniýa we Günorta Koreýa bu banky döreden ýurtlaryň arasyndadyr.

Bu banka agza bolmadyk iň güýçli ýurtlaryň arasynda Birleşen Ştatlar we Ýaponiýa bar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG