Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Ukraina akdyrýan gazyny kesdi


Russiýa: Ukraina akdyrýan gazyny kesdi.
Russiýa: Ukraina akdyrýan gazyny kesdi.

1-nji iýulda Russiýanyň “Gazprom” kärhanasy Ukraina akdyrýan ähli tebigy gaz üpjünçiligini togtadýandygyny mälim etdi. Bu waka Kiýew rus tebigy gaz tölegini gyssagly soňa goýjakdygyny yglan edenden bir gün soň boldy.

“Ukraina iýul aýy üçin tebigy gaz üpjünçiliginiň bahasyny tölemedi. Gazprom kärhanasy 1-nji iýulde (Aşgabat wagty bilen öýlän sagat 12:00-de) Ukraina akdyrýan tebigy gazyny togtatdy” diýip, “Gazpromyň” beýanatynda bellenilýär.

30-njy iýunda Ukraina tebigy gaz üpjünçiligi bilen baglanyşykly täze şertler boýunça ylalaşylýança, 1-nji iýuldan başlap Russiýadan tebigy gaz satyn almagy ýatyrjakdygyny mälim etdi.

Şol bir wagtyň özünde, Ukrainanyň döwlet eýeçiligindäki “Naftogaz” kärhanasy “Gazpromyň Ukrainanyň üsti bilen Ýewropadaky müşderilerine akdyrýan tebigy gaz üpjünçiligi dolulygyna dowam eder” diýdi.

XS
SM
MD
LG